Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 43:24 - Mukaddes Kitap

24 Hoşboý ysly gamyş satyn almadyňyz Maňa, gurbanlyklaryňyzyň ýagyndan doýurmadyňyz, günäleriňiz bilen Maňa ýük bolduňyz gaýtam, etmişleriňiz bilen Meni irizdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Хошбой ыслы гамыш сатын алмадыңыз Маңа, гурбанлыкларыңызың ягындан доюрмадыңыз, гүнәлериңиз билен Маңа йүк болдуңыз гайтам, этмишлериңиз билен Мени ириздиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 43:24
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Milletler arasynda siz şuny aýdyň: «Reb – Patyşa! Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».


Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgini al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.)


Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn.


Ýürekden ýigrenýärin Täze Aý we beýleki baýramlaryňyzy. Bular Maňa ýük boldular, ýadadym Men olary götermekden.


Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin, duşmanlarymdan öç alaryn!


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz?


Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy.


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


Sen ýaşlyk günleriňi ýatlaman, eden ähli hereketleriň bilen Meni gazaplandyrdyň. Ine, Men-de eden işleriňi öz başyňdan indererin“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. „Näme üçin sen ähli nejis işleriňiň üstüne bu haýasyzlygyňy-da goşduň?


Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Şonuň üçin desseden ýükli araba topragy nähili owradýan bolsa, Men-de sizi duran ýeriňizde edil şonuň ýaly mynjyradaryn.


Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ