Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.
Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler.
Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki, görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we erk-ygtyýarlylary – baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy.
Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.