Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 43:2 - Mukaddes Kitap

2 Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Сениң билен боларын сувлардан гечениңде, дерялардан гечениңде, сени гарк этмез олар, одуң ичинден йөрәниңде янмарсың, ялын якмаз сени.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 43:2
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.


Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.


Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen, bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.


Ine, Rebbiň Özi uzakdan gelýär, lowlaýan gazap bilen gara buludyň içindedir Ol; dodaklary gahardan doly, dili ýalmaýan ot kimindir.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.


Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin.


Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr».


Şadrak, Meýşak we Abednego bolsa daňlyp, ýanyp duran küräniň içine ýykyldylar.


Onsoň Rebbiň wekili Hagaý Rebbiň şu habaryny halka ýetirip, şeýle diýdi: «Reb: „Men siziň bilendirin“ diýýär. Muny Reb aýdýandyr».


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!


Iman arkaly ysraýyllar Gyzyl deňizden gury ýerden geçýän dek geçdiler. Müsürliler hem geçmäge synanyşyp, gark boldular.


Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ