18 «Ýatlamaň öten zatlary, köne zatlara üns bermäň.
18 «Ятламаң өтен затлары, көне затлара үнс бермәң.
Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň, Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur, Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.
«Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez.
Çünki hemme zatdan beýik bolan şöhrat orta çykandan soň, ozalky şöhrat hiç bolup galdy.
Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!
olardan gorkmaň. Diňe Hudaýyňyz Rebbiň faraony we tutuş Müsür halkyny näme edendigini hökman ýadyňyza salyň.
Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.