Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 43:16 - Mukaddes Kitap

16-17 Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16-17 Деңизден ёл, чуң сувлардан ёда ачяр Реб, сөвеш арабалары, атлары, гошунлары сөвешиҗилери билен чыкаряр Ол; олар йыкылып, галып билмейәрлер, өчүрилйәрлер, пелтелер дек сөндүрилйәрлер. Булары эдйән Реб шейле диййәр:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 43:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.


Çünki Ol teşne jany gandyrýar, ajygany näz-nygmatdan doýurýar.


Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Onsoň biz – Seniň halkyň, öriň sürüsi, şükür ederis Saňa ebedi, şöhratyňy beýan ederis nesillerboýy.


Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler.


Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


çuňluga: „Gura, derýalaryňy guradaryn“ diýýän,


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, azat edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?


Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan Hudaýyňyz Reb Mendirin». Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Gündizine yşyk bolsun diýip, Güni beren, gijesine yşyk bolsun diýip, Aýyň we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzen, tolkunlar güwwüldeşer ýaly, deňzi öjükdiren Reb, ady Hökmürowan Reb şeýle diýýär:


Altynjy perişde käsesini beýik Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelýän patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ