Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 43:13 - Mukaddes Kitap

13 Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Овалдан бәри Мен Олдурын. Элимден халас эдип билҗек ёкдур. Мениң эденими ятырып билҗек бармы?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 43:13
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýazyksyzdygymy, eliňden hiç kimiň halas etmejekdigini bilýäň.


Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


Ol tutup äkidýär – Ony saklap biljek barmy? „Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa?


Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».


Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy, tekepbirlere päline görä ber jezasyny!


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Gadymyýetde, Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim.


Hökmürowan Reb karar etdi, kim Oňa päsgel berip biler? Ol elini uzatdy, kim ony yzyna öwrüp biler?


Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum, ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.


Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.


Garranyňyzda-da, Men Şolduryn, saçyňyz agaranda hem sizi götererin, sizi Men ýaratdym, Özüm götererin, Men göterip, sizi halas ederin.


Ine, bile zähmet çekişenler, ýaşlygyňdan seniň bilen iş salşanlar nähili bolup çykýarlar; öz ýoluna rowanadyr olaryň hersi, halas eden bolmaz seni.


Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Indi oýnaşlarynyň öňünde aýybyny açaryn, hiç kim ony Meniň elimden halas etmez.


Men Efraýym üçin bir şir, Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan. Olary parçalan hut Mendirin. Süýräp äkiderin, olary hiç kim halas etmez.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.


Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi. Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň „Men bardyryn“» diýdi.


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Öküziňizi gözüňiziň alnynda soýarlar, emma onuň etinden iýmersiňiz. Edil gapdalyňyzda eşegiňizi ogurlarlar, emma yzyna getirmezler. Goýunlaryňyzy duşmanlaryňyza bererler. Size kömek eden bolmaz.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Isa Mesih düýn hem, bu gün hem, ebedilik Şoldur, Ol üýtgemeýändir.


Ýerihonyň hanyna: «Ýurdumyzy gizlinlikde gözden geçirmek üçin, gije bu ýere birnäçe näbelli ysraýyllar gelipdir» diýip habar berildi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ