Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 42:7 - Mukaddes Kitap

7 Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Көр гөзлери ачмак, туссаглары туссаглыкдан, зулматда отуранлары зындандан азат этмек үчин сени халка әхт, миллетлере нур эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 42:7
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi, dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.


Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar.


Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar;


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.


Ýesirlere: „Çykyň“, garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Beýik bir nur gördi, tümlükde gezýän halk; tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy.


Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, men Onuň hakykatyny görerin.


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.


Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.


Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


akylyna aýlanarlar, iblisiň duzagyndan gutularlar. Sebäbi iblis olary ýesirlige alyp, öz niýetini amala aşyrmaga mejbur edýändir.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ