Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.
Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»
Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.
Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».
Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, men Onuň hakykatyny görerin.
Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.
Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.