Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 42:25 - Mukaddes Kitap

25 Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Мунуң үчин Ол ловлаян газабыны, залым уршы үстлеринден индерди; олары хемме тарапдан отлады, эмма олар шонда-да дүшүнмедилер, олары якды, йөне үнс бермедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 42:25
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.


Gör, onuň bilinde nähili güýç bar, garnyndaky muskullary nähili güýçli!


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Sen: „Men ebedi melike bolaryn“ diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň».


Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Dogry adamlar ölüp gidýärler, hiç kim muňa üns bermeýär. Takwa adamlar ýogalýarlar, muňa hiç kim düşünmeýär, dogrular betbagtçylykdan gutarylýar.


Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?


Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.


Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl.


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.


Çogýan gahary bilen Ysraýylyň ähli güýjüni ýok etdi. Duşman çozanda sag elini yza çekdi. Daş-töweregini oda berip, alawly ot kimin Ýakubyň ýurduny ýakdy.


Duşman kimin ýaýyny çekdi, elini galdyrdy ýagy kimin. Göz-guwanjymyzyň baryny öldürdi; Sion gyzynyň çadyrynyň üstüne gazabyny ot kimin pürkdi.


Güýç-gudratym hem gahar-gazabym bilen sizi halklaryň arasyndan çykararyn we dargadylan ýurtlaryňyzdan yzyňyza ýygnaryn.


Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ