Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 42:24 - Mukaddes Kitap

24 Ýakuby talaňçylara, Ysraýyly garakçylara beren kim? Bu garşysyna günä eden Rebbimiz dälmidi? Olar Onuň ýolundan ýöremek islemediler, Onuň kanunyna gulak asmadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Якубы талаңчылара, Ысрайылы гаракчылара берен ким? Бу гаршысына гүнә эден Реббимиз дәлмиди? Олар Онуң ёлундан йөремек ислемедилер, Онуң канунына гулак асмадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 42:24
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir millet beýleki millete garşy, bir şäher beýleki şähere garşy göreşdi. Hudaý olary her hili betbagtçylyk bilen howsala salypdy.


Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.


Araňyzda muňa gulak goýjak, geljekde ünsli diňlejek barmy?


Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy.


Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Olar bu güne çenli toba etmediler, gorkmadylar, siziň we ata-babalaryňyzyň öňünde goýan kanunlaryma we parzlaryma eýermediler“.


«Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak. Ol güýçli hem gadymy milletdir. Sen ol milletiň dilini bilmersiň, näme aýdýanyna düşünmersiň. Muny Reb aýdýandyr.


Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi.


Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.


Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?


Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlylaryň eline berdi.


Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler.


Şol sebäpden Rebbiň Ysraýyla gahary gelip, olary Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymyň eline tabşyrdy. Ysraýyllar sekiz ýyllap Kuşan-rişataýymyň gol astynda boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ