Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.
Ýakuby talaňçylara, Ysraýyly garakçylara beren kim? Bu garşysyna günä eden Rebbimiz dälmidi? Olar Onuň ýolundan ýöremek islemediler, Onuň kanunyna gulak asmadylar.
Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.
Muňa düşüner ýaly paýhasly biri barmydyr? Muny yglan eder ýaly Rebbiň sözlän kişisi kim? Näme üçin ýurt weýran bolup, içinden hiç kim geçmez ýaly, çöl kimin boşap ýatyr?