Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 42:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Эмма бу даган, таланан халкдыр. Әхлиси говакларда дузага дүшен, Туссагханаларда гизленен; олар олҗа болдулар, халас эдйән ёк. Таландылар, «Ызына гайтар!» диййән ёк.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 42:22
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler.


dünýäni çöle dönderen, şäherleri ýer bilen ýegsan eden, ýesirleri öýlerine goýbermedik şumy?»


Ol Nil derýasynyň üsti bilen gamyş gämilerinde ilçilerini ýollaýar. Eý, ýyldam çaparlar, ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millete, her ýana gorky saçan halka, haýbatly hem basybalyjy millete gidiň!


Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär.


Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.


Ýer ýüzi bütinleý weýran edilip talanar. Muny Reb aýdýandyr.


Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy.


Araňyzda muňa gulak goýjak, geljekde ünsli diňlejek barmy?


Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.


Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Arryldylary arslanyňky deý, ýaş şirler kimin arlaýarlar; arlap, awuny tutýarlar, ony alyp gidýärler, halas etjek ýok.


Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin, Olar saňa: „Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat“ diýdi. Senem olar geçer ýaly ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy».


Eý, ähli wagşy haýwanlar, eý, bütin jeňňel haýwanlary, geliň, iýmäge geliň!


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň sürgünliginiň otuz ýedinji ýylynda Ewilmerodak Babyla patyşa boldy. Ol şol ýylyň on ikinji aýynyň ýigrimi bäşinde Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna ýagşylyk edip, ony tussaglykdan boşatdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ