Ýurtda galla bolelin bolsun, daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn, onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun; şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn.
Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.
Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris.
Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler.
Ine, ol günlerden soň Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Muny Reb aýdýandyr.