2 Ol gygyrmaz, sesini gataltmaz, sesi köçelerde asla ýaňlanmaz.
2 Ол гыгырмаз, сесини гаталтмаз, сеси көчелерде асла яңланмаз.
Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.
Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez, sadyklyk bilen adalat getirer.
Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.
Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.
Bir gün fariseýler Isadan Hudaýyň Şalygynyň haçan geljekdigini soranlarynda, Ol: «Hudaýyň Şalygy göze görnüp gelmez.
Rebbiň hyzmatçysy dawalaşmaly däldir, tersine, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyr-takatly bolmalydyr.
Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.