Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 42:19 - Mukaddes Kitap

19 Bendämden başga kim kör? Kim ýollan habarçym dek ker? Kim Maňa bagyş edilen dek kör? Ýa Rebbiň bendesi kimin kör?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Бендәмден башга ким көр? Ким ёллан хабарчым дек кер? Ким Маңа багыш эдилен дек көр? Я Реббиң бендеси кимин көр?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 42:19
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.


Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn, Meniň bilen ýaraşyk etsin, ýaraşyk etsin Meniň bilen.


Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar.


Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,


Gözli körleri, gulakly kerleri öňe çykar.


bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,


Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmeýärsiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamaýarsyňyz“ diý.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:


«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.


Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler.


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.


Isa olara: «Kör bolan bolsadyňyz, günäňiz bolmazdy, emma görýäris diýeniňiz üçin günäňiz öz boýnuňyzda galar» diýdi.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ