Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 42:16 - Mukaddes Kitap

16 Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Көрлери билмейән ёлларындан әкидерин, идерин таныш болмадык ёдаларындан, өңлеринде гараңкылыгы ягтылыга, чаркандаклы ерлери текиз ере өврерин. Мендирин булары этҗек, олары терк этмерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 42:16
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Egrini göneldip bolmaz; ýok zady-da sanap bolmaz».


Hudaýyň işine seret; Onuň egreldenini kim dograldyp bilýär?


Dogrularyň ýoly düzdür. Eý, Adyl Bolan, dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň.


Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar.


Ýolundan azaşanlar düşünerler, arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.


Görýänleriň gözleri ýumulmaz, eşidýänler-de gulak goýarlar.


Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar;


Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.


Ähli dereler beýgeldiler, ähli daglar we depeler peseldiler, aňňat ýerler tekizlener, beýikli-pesli ýerler düzlüge öwrüler.


Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men – Reb olara jogap bererin, Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin.


Kowalaýar olary, sag-aman geçýär aýak basmadyk ýodasyndan.


Men öňüňden gidip, daglary tekizlärin, bürünç gapylary kül ederin, demir kiltlerini döwerin.


Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.


Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Emma siz gyssagly çykmarsyňyz, gaçyp gitmersiňiz; çünki Reb siziň öňüňizden gider, Ysraýyl Hudaýy yzyňyzda gorag bolar.


Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.


açlaryň hatyrasyna janyňyzy pida etseňiz, ejirlileri zerur zatlary bilen doýursaňyz, garaňkylykda nuruňyz ýalpyldap, tümlügiň günorta çagy dek bolar.


Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.


Olaryň erbet ýollaryny we işlerini göreniňizde, size teselli bererler we siz Meniň Iýerusalimde eden ähli işlerimi biderek ýere etmändigimi bilersiňiz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


«Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn.


Onuň ýoluna tikenli çäk çekerin, öz ýodalaryny tapmaz ýaly, Onuň garşysyna diwar guraryn.


Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan, tüm garaňkylygy daň sähere öwren, gündizi gijä öwren, deňiz suwlaryny çagyryp, olary ýer ýüzüne döken Oldur. Onuň ady Rebdir.


Ähli dereler doldurylar, ähli dag-depeler peseldiler, egrem-bugram ýollar dogrulanar, büdür-südür ýodalar tekizlener.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň.


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


Çünki siz öň bu ýoldan ýöräp görmändiňiz, olar size nirä gitmelidigini görkezerler. Olaryň yzy bilen ýöräň, emma gaty golaý barmaň, olar bilen araňyz iki müň tirsek bolsun».


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ