Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 42:11 - Mukaddes Kitap

11 Çöl we onuň şäherleri, kedarlylaryň ýaşaýan obalary sesini gataltsyn! Selanyň ilaty şatlykdan aýdym aýtsyn, daglaryň başyndan gygyryşsynlar!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Чөл ве онуң шәхерлери, кедарлыларың яшаян обалары сесини гаталтсын! Селаның илаты шатлыкдан айдым айтсын, дагларың башындан гыгырышсынлар!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 42:11
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, ulusy kiçisine gul bolar».


Reb seniň Arkadagyňdyr, Reb sagyňdaky kölegäňiňdir.


Rebbe öwgüler aýdyň, Ol beýik işler etdi; ýer ýüzi bilsin muny!


Sähra ýoly bilen Seladan Sion gyzynyň dagyna, ýurduň hökümdarlaryna guzulary ýollaň.


Reb maňa şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly bir ýylyň dowamynda Kedaryň şan-şöhraty söner.


Onsoň çölde adalat mesgen tutar, dogrulyk hasylly meýdanda ýaşar.


Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kimin güllär.


Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar;


Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň.


Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.


Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.


Kedaryň ähli sürüleri ýanyňa toplanar, Nebaýotyň goçlary saňa hyzmat ederler, olar gurbanlyk sypamda gurbanlyk hökmünde kabul ediler, şöhratly öýümi şöhratlandyraryn Men.


Men saňa garşydyryn, eý, özüni düzde gaýa saýýan jülge ilaty!’. Muny Reb aýdýandyr. Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler? Mesgenimize kim girip biler?’


Eý, Mowabyň ilaty, şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň. Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde ýasan gögerçin kimin boluň.


Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr.


Turuň, asuda we howpsuz ýaşaýan halkyň üstüne hüjüm ediň. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň ne derwezeleri, ne-de kiltleri bar, olar ýeke ýaşaýarlar.


Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler.


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ