Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 41:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эмма сени, эй, бендәм Ысрайыл, Өз сайланым Якуп, достум Ыбрайымың несиллери,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 41:8
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, biziň Hudaýymyz, Sen bu ýurduň ilatyny Öz halkyň Ysraýylyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesillerine ebedilik berdiň.


Biz hem ata-babalarymyz deý günä işleri etdik, ýazykly bolduk, ýamanlyk etdik.


Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Munuň üçin Ybraýymy halas eden Reb Ýakubyň nesilleri hakda şeýle diýýär: «Ýakup indi utanmaz, Onuň ýüzi gyzarmaz indi.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Bendämden başga kim kör? Kim ýollan habarçym dek ker? Kim Maňa bagyş edilen dek kör? Ýa Rebbiň bendesi kimin kör?


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.


Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.


«Bulary ýatla, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl, sen meniň bendämsiň; siz meniň bendämsiňiz, Men ýaratdym sizi, eý, Ysraýyl, Men seni unutmaryn.


Sen meni tanamasaň-da, bendäm Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna adyňy tutup çagyryp, hormat goýdum saňa.


Eý, Ýakup, eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, Ilkinji-de, Ahyrky-da Mendirin.


Ol maňa: «Sen Meniň bendämsiň, eý, Ysraýyl, Men sende şöhratlanaryn» diýdi.


Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


«Bu halkyň: „Reb Öz saýlan iki taýpasyny-da ret etdi“ diýip aýdýanyny göreňokmy? Olar indi Meniň halkymy kemsidýärler, ony millet hasap etmeýärler.


Çünki ol Meniň Müsürden alyp çykan gulumdyr. Ol guluň satylyşy ýaly satylmaly däldir.


Reb: «Men sizi ozaldan söýýärin» diýýär. Emma siz: «Sen bizi nähili söýýärsiň?» diýip soraýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi näme? Men Ýakuby saýladym,


Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!


Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi.


Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Şeýlelik bilen, Mukaddes Ýazgylardaky: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýen söz amala aşdy. Ybraýym Hudaýyň dosty diýip atlandyryldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ