Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 41:4 - Mukaddes Kitap

4 Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum, ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Башдан несиллери чагырып, булары эден, тамамлан ким? Мен – Реб олар билен илкибашдан болдум, ахырда хем олар билен болҗак Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 41:4
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim?


Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.


Onsoň hemmeler muny Rebbiň eliniň edendigini, Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny görerler, bilerler, akyl ýetirerler, düşünerler».


Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi? „Ol mamla“ diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi? Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi, hiç kim sözleriňizi eşitmedi.


Kowalaýar olary, sag-aman geçýär aýak basmadyk ýodasyndan.


Ýakuby talaňçylara, Ysraýyly garakçylara beren kim? Bu garşysyna günä eden Rebbimiz dälmidi? Olar Onuň ýolundan ýöremek islemediler, Onuň kanunyna gulak asmadylar.


Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.


Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»


Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.


Eý, Ýakup, eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, Ilkinji-de, Ahyrky-da Mendirin.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Hudaý ähli milletleri bir adamdan ýaradyp, olary bütin ýer ýüzüne ýaýratdy. Olaryň ýaşajak wagtyny we çägini öňünden belläp berdi.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


«Izmirdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ölen we Direlen, Ilkinji we Ahyrky şeýle diýýär:


Alfa we Omega, Ilkinji we Ahyrky, Başlangyç we Soň Mendirin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ