Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar.
Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!
Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.
Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.
Ýer görmäge öňki gelen bäş adam öýe girip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary aldylar. Ruhany derwezäniň agzynda ýaraglaryny dakynan alty ýüz adamyň ýanynda durdy.