Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.
Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».
„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
Olaryň hudaýlarynyň butlaryny ýakyň. Özüňize almak üçin olardaky altyna, kümşe göz gyzdyrmaň, sebäbi bu size duzak bolar. Çünki bu Hudaýyňyz Reb üçin nejis zatdyr.
Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr».