Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 41:20 - Mukaddes Kitap

20 Onsoň hemmeler muny Rebbiň eliniň edendigini, Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny görerler, bilerler, akyl ýetirerler, düşünerler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Онсоң хеммелер муны Реббиң элиниң эдендигини, Ысрайылың Мукаддесиниң ярадандыгыны гөрерлер, билерлер, акыл етирерлер, дүшүнерлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 41:20
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muny Rebbiň eliniň edendigini bularyň haýsysy bilýän däldir?


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir.


Ýolundan azaşanlar düşünerler, arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum, ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.


Siziň Mukaddesiňiz, Ysraýyly Ýaradan, Patyşaňyz Reb Mendirin».


Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.


Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.


Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ