Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 41:19 - Mukaddes Kitap

19 Çölde kedr, akasiýa, mirt, zeýtun agaçlaryny oturdaryn, serwini, çynary, arçany sährada bile dikerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Чөлде кедр, акация, мирт, зейтун агачларыны отурдарын, сервини, чынары, арчаны сәхрада биле дикерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 41:19
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kimin güllär.


Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.


Mukaddes öýümi bezemek üçin Liwanyň baýlygy geler saňa, Aýak basýan ýerimi şöhratlandyrmak üçin serwi, çynar we arça agaçlary saňa getiriler.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Derýanyň boýunda, onuň ýakasynyň ikiýan tarapynda her hili miweli agaçlar gögerer. Suwlaryň mukaddes öýden çykýandygy sebäpli olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez; her aý täze miwe bererler. Olaryň miweleri iýmit, ýapraklary derman bolar».


Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.


Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ