Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 41:11 - Mukaddes Kitap

11 Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler. Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Сизе гаршы газапланянларың әхлиси утандырылар, иле рысва эдилер. Хич зат дек ёгалып гидерлер сизе гаршы чыкянлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 41:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Ýary gije Reb Müsüriň ähli nowbahar ogullaryny öldürip çykdy. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň nowbahar ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi.


Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn.


Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp-çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.


Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir. Birdenkä, duýdansyz,


Ariýele garşy söweşýän ähli milletler, onuň we galalarynyň garşysyna söweşýänler, ony gysýanlar düýş kimin, gijeki görnüş kimin bolarlar.


Düýşünde nahar iýen aç kişi, oýanansoňam aç bolýandyr, düýşünde suw içen teşne, oýanansoňam teşnedir. Sion dagyna garşy söweşýän ähli milletler topary-da şu ahwala düşer.


Şalyk sürer ýaly asylzadalary ýok indi, ähli hökümdarlary hiç indi.


Ähli milletler Onuň öňünde hiç zatdyr, olary hiç zat hasaplap, boşlukdan-da pes saýýar.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


Emma siz hiç zatsyňyz, işleriňiz-de biderek; sizi saýlan ýigrenjidir.


Ine, olaryň hemmesi galp, işleri hiç zatdyr, butlary boş ýeldir».


Olar: «Dogrulyk hem kuwwat ýalňyz Rebdedir» diýerler. Oňa gazap bildirenleriň ählisi huzuryna gelip, utanarlar.


Emma Reb şeýle diýýär: «Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar, zalymyň oljasy elinden azat ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Saňa hüjüm etse biri, Menden däldir; kim saňa hüjüm etse, saňa boýun eger.


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Emma gulak asmadyk her bir milleti köki bilen bütinleý goparyp taşlaryn we ýok ederin».


Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr, Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir. Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup, üstlerinden betbagtlyk indi“. Muny Reb aýdýandyr.


Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.


Häkimler gelip, olardan ötünç soradylar we zyndandan alyp çykdylar. Soňra olara şäherden gitmeklerini haýyş etdiler.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ