Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 41:1 - Mukaddes Kitap

1 «Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň, halklar täzeden güýç toplasynlar, olar ýakyna gelip, geplesinler; höküm üçin bile toplanalyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Эй, адалар, Мениң хузурымда дымың, халклар тәзеден гүйч топласынлар, олар якына гелип, геплесинлер; хөкүм үчин биле топланалың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 41:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber!


Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň! Eý, halklar, diňläň! Ýer ýüzi we ondaky her kes, dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Adalar muny görüp, gorkýarlar, ýeriň aňry uçlary titreşýärler, olar ýakynlaşyp gelýärler.


Maňa ýatlat! Gel, bilelikde dawalaşalyň, aklanar ýaly delilleriňi aýt.


Ähli milletler bir ýere ýygnansyn, halklar toplansyn, olaryň arasynda kim muny yglan etdi? Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi? Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar, başgalar eşidip: „Bu dogry“ diýsinler.


Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.


Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy tutdy.


Meni aklajak ýakynymdadyr, meniň bilen dawalaşjak kim? Geliň, ýüzleşeliň. Günäkärleýjim kim meniň? Goý, ýanyma gelsin!


Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ