Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
Bu galalaryň ilaty ejizdi, aljyrap howsala düşdüler. Olar meýdan ösümlikleriniň, mymyk gök maýsalyklaryň, tamyň üstündäki otlaryň, ösmänkä gurap ýok bolşy dek boldular.
Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.