Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 40:28 - Mukaddes Kitap

28 Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Билмейәрсиңизми? Эшитмедиңизми? Реб – эбеди Худай, ериң әхли күнҗегиниң Ярадыҗысы. Ол эҗизлейән я-да ядаян дәлдир, Онуң дүшүнҗесине акыл етмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 40:28
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym Beýerşebada bir sany ýylgyn ekip, ol ýerde Baky Hudaý Rebbe ybadat etdi.


Dünýä giňişligine ser saldyňmy? Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.


Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar!


Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular, torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular, ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela


Şazadalara, ynsan ogluna hiç bil baglamaň, çünki olar halas etmeýär.


Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.


Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».


Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.


Bilmeýärmisiňiz? Eşitmediňizmi? Size başdan aýdylmadymy? Dünýä ýaradylany bäri düşünmediňizmi?


Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň kanunyna garaşarlar.


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.


«Men dogurma pursadyna ýetiribem, dogurtmaýynmy?» diýýär Reb. «Dogurmaga güýç berýän Men ýatgyny ýaparynmy?» diýýär Hudaýyň.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.


Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar!


Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, Filip, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez“ diýmäň näme?


Emma Isa olara: «Meniň Atam şu güne çenli Öz işini edip gelýär, Men hem Öz işimi edýärin» diýip jogap berdi.


Çünki Reb bize şeýle buýruk berdi: „Ýeriň aňry çägine çenli halas etmek üçin, Seni milletlere nur etdim“».


Hawa, bu Hoş Habar aýan boldy. Ol ähli milletleriň baky Hudaýyň emrine görä Oňa tabyn bolmagy üçin pygamberleriň ýazgylary arkaly aýan edildi.


«Rebbe kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?» Emma bizde welin Isa Mesihiň akyly bardyr.


Eýsem siz özüni loly bilen birikdireniň onuň bilen bir ten bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Çünki Töwratda: «Ikisi bir ten bolýar» diýip ýazylgydyr.


Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz.


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.


Sizde ýagşy işi başlan Hudaýyň muny Isa Mesihiň geljek gününe çenli bitirjekdigine ynanýaryn.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ