Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 40:26 - Mukaddes Kitap

26 Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Гөзлериңизи гөге тарап галдырың, Булары ярадан ким? Реб гөкдәки гошунлары екеме-еке чыкаряр, атларыны тутуп, чагыряр, Онуң зор гүйҗүне, бейик гудратына гөрә оларың хич бири кемлик этмейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 40:26
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin.


Şeýdip, Hudaý iki sany beýik şamçyragy – gündizi dolandyrmak üçin uly şamçyragy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi şamçyragy hem-de ýyldyzlary döretdi.


Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.


Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.


Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:


Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,


Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, asman jisimlerine buýruk berdim.


Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.


Eý, Ýakup, eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, Ilkinji-de, Ahyrky-da Mendirin.


Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir, Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan; bary birlikde öňümde durýarlar, olary çagyranymda».


Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ