25 «Meni kime meňzedersiňiz? Kim Maňa taý geler?» Muny Mukaddes Bolan diýýär.
25 «Мени киме меңзедерсиңиз? Ким Маңа тай гелер?» Муны Мукаддес Болан диййәр.
Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.
Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.
Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?
Meni kime meňzedýärsiňiz? Kim bilen deňeşdirýärsiňiz? Kime deňeýärsiňiz, Maňa meňzeýän barmy?
Siziň ýaly oduň içinden seslenen Hudaýyň sesini eşidip, diri galan halk başga-da barmyka?
Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.