Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.
Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.
Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.
Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.