Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».
Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.
Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».
Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.
Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.