Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.
Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“».
Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.
Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.