Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 39:2 - Mukaddes Kitap

2 Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlary görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Хизкия Бабыл патышасының векиллерини шатлык билен кабул этди; олара хазынасындакы күмшүни, алтыныны, хошбой ыслы затларыны, гымматбаха ягларыны, яраг горханасыны хем-де аммарларындакы затлары гөркезди. Ол көшгүндәки ве бүтин патышалыгындакы затларың барыны векиллере гөркезди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 39:2
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.


Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady.


Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.


Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini diňläp, olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.


Emma Hizkiýa özüne edilen ýagşylygy ödemedi, ol gopbamsylyk etdi. Şonuň üçin hem Hizkiýanyň, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstüne gazap indi.


Hizkiýada ummasyz köp baýlyk bolup, onuň şan-şöhraty beýgeldi. Ol özüne kümüş, altyn, gymmatbaha daşlar, hoşboý ysly zatlar, galkanlar we her hili gymmatbaha zatlar üçin hazynalar edindi.


Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy.


Şeba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdarda altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi.


Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi.


ummasyz baýlygyma buýsanyp, elimiň gazanjyna guwanan bolsam,


Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ