Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 38:5 - Mukaddes Kitap

5 «Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: ‘Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 «Гит-де, Хизкия шейле дий: „Атаң Давудың Худайы Реб: ‘Сениң дилегиңи эшитдим, гөзяшларыңы гөрдүм. Мен сениң өмрүңи он бәш йыл узалдарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 38:5
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muňa garamazdan, onuň Hudaýy Reb Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly, oňa bir ogul berdi. Hudaý Reb muny Dawudyň hatyrasy üçin etdi.


Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et.


Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy.


Hizkiýa patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesiniň ady Abydy. Ol Zakarýanyň gyzydy.


Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada eden dilegiňi eşitdim.


Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.


Ynsanyň güni sanalgydyr, aýlarynyň sany kesgitlenendir, olar Seniň bellän çäkleriňden geçip bilmeýärler.


Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.


Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň we sadyklygyň, goý, elmydama meni gorasyn.


Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.


Menden daşlaşyň, eý, betkärleriň bary, çünki Reb eşitdi agy sesimi.


Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty; ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.


Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada dileg edendigiň üçin,


Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:


«Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň.


„Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr».


Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.


Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi.


Emma Hudaý göwni çökgünlere teselli berýändir. Ol Titusy ýanymyza iberip, bize hem teselli berdi.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ