Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 38:3 - Mukaddes Kitap

3 «Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 «Саңа ялбарярын, я Реб, мениң Саңа бүтин калбым билен вепалы боланымы хем-де Сениң назарыңда догры ишлери эденими ятла» дийди. Хизкия соҗап-соҗап аглады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 38:3
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.


Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy.


Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“ diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder.


Hizkiýa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.


Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber».


Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy.


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, ýöne bu çyn ýürekden däldi.


Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.


Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.


Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden oňat işlerimiň ählisini ýadyňa sal.


Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!


Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!


Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!


Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.


Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz, Öz gaharyny baky saklamaz.


Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.


Bir goşun meni gabasa – ýüregim sarsmaz, maňa garşy uruş tursa-da, umytdan düşmerin.


Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.


Çünki Seni gabyrda ýatlamak ýokdur; Saňa ölüler dünýäsinde kim öwgi aýdar?


Gözlerimiň nury öçdi gussa zerarly, küteldi ähli duşmanlarym sebäpli.


Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg edip:


Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Perişde bilen göreşip, ýeňdi. Aglap onuň göwnüni tapjak boldy. Hudaý ony Beýtelde tapdy. Şol ýerde biziň bilen gepleşdi.


Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Rebbiň nazarynda dogry we gowy işler ediň, şonda gowy günler görersiňiz. Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna baryp, ony özüňize mülk edinersiňiz.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ