Çünki sansyz bela-beter meni gurşady; öz etmişlerim meniň başymdan indi; görüp bilmeýän: olar başymyň saçyndan hem kän, pagyş-para boldy meniň ýüregim.
Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we siziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi naharlady. Ol muny ynsanyň diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi.
Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?