Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 38:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шол дөвүрлерде Хизкия кеселләп, өлүм яссыгында ятырды. Амозың оглы Ишая пыгамбер онуң янына гелип: «Реб шейле диййәр: „Өйүңдәкилере весъет эт, чүнки сен өлерсиң, сен бу кеселден гутулмарсың“» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 38:1
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut: «Çaga dirikä, agyz bekledim, agladym. Sebäbi men: „Kim bilýär, belki, Reb maňa rehim eder, çaga gutular“ diýip oýlanypdym.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol Rebbe dileg etdi. Reb Hizkiýanyň dilegine jogap berip, oňa bir alamat berdi.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler.


Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada dileg edendigiň üçin,


Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.


Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi.


Şol günlerde ol keselläp, aradan çykdy. Onuň jesedini ýuwup, ýokarky gatdaky otagda goýdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ