Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 37:38 - Mukaddes Kitap

38 Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

38 Санхерип өз худайы Нисрокың бутханасында оңа сежде эдип дурка, огуллары Адраммелек билен Саресер какаларыны гылыч билен өлдүрдилер-де, Арарат юрдуна гачып гитдилер. Онсоң онуң ерине оглы Эсархадон патыша болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 37:38
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy.


Hudaýyňyzyň sizi meniň elimden halas edip biler ýaly, ata-babalarymyň bütinleý ýok eden şol milletleriniň ähli taňrylarynyň arasynda haýsysy öz halkyny meniň elimden halas edip bildi?


Olar Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýy hakda-da dünýä halklarynyň ynsan eli bilen ýasalan hudaýlary hakda sözleýişleri ýaly sözlediler.


Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.


Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!


Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar.


Hizkiýa: „Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn.


Hizkiýanyň: „Reb bizi halas eder“ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir?


Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle habar iberdi: «Bil baglaýan Hudaýyň „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, seni aldamasyn.


Men onuň içine bir ruh ibererin welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».


Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ