Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 37:36 - Mukaddes Kitap

36 Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Реббиң перишдеси гидип, ашурлыларың дүшелгесинде йүз сегсен бәш мүң адамы өлдүрди. Эртеси даңдан туруп гөрселер, ол ери җесетден долы экен!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 37:36
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady.


Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


ýa üç ýyl açlyk, ýa duşmanlaryňyň öňünde üç aýlap derbi-dagyn bolmaklyk, ýa üç gün Rebbiň ýurda inderen gyrgyn keselinden heläk bolmaklyk, Rebbiň perişdesi tutuş Ysraýyl topragyndakylary weýran eder“. Indi birini saýla, men özümi Iberene jogap bermeli» diýdi.


Rebbiň perişdesiniň öz elindäki ýalaňaç gylyjyny Iýerusalime tarap uzadyp, ýer bilen gögüň arasynda durandygyny Dawut gördi. Jul geýnen Dawut hem-de ýaşulular ýere ýüzin ýykyldylar.


Bir salym göterilip, soňra ýitirim bolýarlar, başgalar ýaly gurap, ýok bolýarlar, däne başlary kimin kesilýärler.


Olar göz ýumup-açasy salymda ölýärler, adamlar gije lerzana gelip, dünýäden ötýärler, güýçlüler hem ynsan eli degmezden ýok bolýarlar.


Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez.


Gije faraonyň özi, onuň ähli emeldarlary, garaz, tutuş müsürliler ýerlerinden turdular. Müsürde uly dady-perýat boldy, çünki olaryň arasynda ölüsi bolmadyk ýekeje-de öý ýokdy.


Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Ine, biraz wagtdan gaharym ýatyşar, gazabym aşurlylary heläk etmäge gönüger.


Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar.


Reb ysraýyllary jezalandyranlaryň jezalandyryşy kimin jezalandyrdymy? ýa-da ysraýyllary öldürenleriň öldürişi kimin öldürdimi?


Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir. Birdenkä, duýdansyz,


«Onsoň aşurlylar ynsanyňky bolmadyk gylyçdan ýykylarlar, adamzadyňky bolmadyk gylyçdan ölerler, olar gylyçdan gaçarlar, ýaş ýigitleri-de gul ediler.


Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.


Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.


Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, mundan artyk ejir çekdirmerin.


Atly goşun hüjüm edýär, gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar. Üýşmek-üýşmek jesetler, san-sajaksyz läşler, maslyklara büdreýärler!


Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ