„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.
Şondan soň Akyş han Dawudy çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, sen bir dogruçyl adam. Maňa galsa seniň bilen bile söweşe giderdim. Ýanyma gelen günüňden tä şu güne çenli senden ýaramazlyk çykanyny görmedim. Şonda-da hanlara ýaranyp bilmeýärsiň.