Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 37:20 - Mukaddes Kitap

20 Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Инди, эй, Худайымыз Реб, бизи Ашур патышасының элинден халас эт. Я Реб, гой, бүтин дүнйәниң әхли патышалыклары Сениң еке-тәк Худайдыгыңы билсинлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 37:20
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.


Goý, meniň Rebbiň öňünde dile getiren sözlerim Beýik Hudaýa gije-gündiz ýakyn bolsun. Beýik Hudaý dünýäniň ähli halklarynyň Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga Hudaýyň ýokdugyny bilerleri ýaly, Reb Öz guluny, ysraýyl halkyny gündelik zerur zatlar bilen üpjün etsin.


Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Duşmanlarymyza garşy bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Men Rebdirin. Bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.


Men Rebdirin, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin. Gündogardan günbatara deňeç Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa.


Milletleriň arasynda ysnat getirilen, olaryň arasynda siziň ysnat getiren beýik adymyň mukaddesdigini görkezerin. Men olara siziň üstüňiz bilen mukaddesligimi görkezenimde, milletler Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men milletleriň arasynda şöhratymy aýan ederin; çykaran hökümlerimi, üstlerine goýan elimi ähli milletler görerler.


Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ