Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 37:19 - Mukaddes Kitap

19 Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шол миллетлериң худайларыны ода атып якдылар, олар худайлар дәлди. Олар адамларың агачдан ве дашдан ясан бутларыды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 37:19
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar.


Musa olaryň ýasan gölesini alyp, otda eretdi, soň ony külkeläp, suwa gardy-da, ondan ysraýyllara içirdi.


Emma Aşur patyşasy beýle niýet edenok, beýle pikir etmeýär ol; ýüreginde köp milletleri gyrmak, köki-damary bilen ýok etmek küýündedir onuň.


Özleriniň guran gurbanlyk sypalaryna bakmazlar, elleri bilen ýasan Aşera butlaryna, tütetgi sypalaryna seretmezler.


Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.


Ol hökümdarlar öldi, olar indi ýok, Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň, olary hiç kim ýatlamaz asla.


Emma siz hiç zatsyňyz, işleriňiz-de biderek; sizi saýlan ýigrenjidir.


Ine, olaryň hemmesi galp, işleri hiç zatdyr, butlary boş ýeldir».


Hünärment zergäri, çekiç bilen tekizleýän sandala urýany ruhlandyrýar. Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy“ diýýär; gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.


Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!»


Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.


«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».


Heý, ynsan özüne hudaýlar ýasarmy? Olar hudaý däl ahyryn!


Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada.


Olaryň hudaýlaryny, butlaryny, kümüşden we altyndan ýasalan gymmatbaha gap-gaçlaryny olja hökmünde Müsüre getirer. Onsoň ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasynyň üstüne çozmaz.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.


Siz öň Hudaýy tanamaýardyňyz. Şol döwürde siz galp hudaýlaryň guludyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ