Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 37:16 - Mukaddes Kitap

16 «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 «Эй, керупларың үстүнде тагт гуран Ысрайыл Худайы Реб! Бүтин дүнйәниң патышалыкларының Худайы Сенсиң, Сен еке-тәксиң. Ери-гөги ярадан-да Сенсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 37:16
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýip, Seniň adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn.


Ol şol daşlardan Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň töwereginde iki kersen tohum sygjak çukur gazdy.


Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular.


Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun.


Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.


Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.


Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi:


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.


Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.


Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:


Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz Reb şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan, gökleri ýeke Özi ýaýradan, ýalňyz Özi ýeri ýazan,


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, asman jisimlerine buýruk berdim.


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».


Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň; Ondan gorkuň, Ondan heder ediň!


Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.


Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.


Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki, görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we erk-ygtyýarlylary – baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy.


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ