15 Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi:
15 Хизкия Реббиң хузурында дилег эдип, шейле дийди:
Ýöne şonda-da, ýa Beýik Hudaýym, Sen guluň dilegine hem-de ýalbaryşyna gulak sal-da, onuň bu gün ýürekden edýän ýalbaryşyny we dilegini kabul et.
Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy.
«Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.
Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.