Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 36:20 - Mukaddes Kitap

20 Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Реббиң Иерусалими мениң элимден халас эдери ялы, бу худайларың арасында өз юртларыны мениң элимден халас эдени бармы?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 36:20
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýa patyşasynyň emeldarlary oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň hudaýlary baýyrlaryň hudaýlary bolansoň, olar bizden güýçli çykdylar. Eger olar bilen düzlükde uruşsak, biz hökman olardan güýçli çykarys.


Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Indi siz özüňizi Hizkiýa aldatmaň, oňa özüňizi şu ýol bilen azaşdyrmaga ýol bermäň we oňa ynanmaň. Çünki hiç bir milletiň ýa-da patyşalygyň taňrysy öz halkyny meniň we ata-babalarymyň elinden halas edip bilen däldir. Siziň Hudaýyňyz-da sizi meniň elimden halas edip bilmez!» diýdiler.


Olar Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýy hakda-da dünýä halklarynyň ynsan eli bilen ýasalan hudaýlary hakda sözleýişleri ýaly sözlediler.


Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Biz görmeýäris gudratly alamatlary, indi hiç bir pygamber hem ýok; haçana çenli şeýle boljagyny bilýän aramyzda ýok.


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Hizkiýa: „Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn.


Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».


Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ