Ol çukura ýakynlaşanda, naýynjar ses bilen Danyýele: «Eý, diri Hudaýyň guly Danyýel, wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy.
Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.
Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.