Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 36:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz täretlerini iýip, öz peşewlerini içerler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма баш везир олара шейле җогап берди: «Җенабым мени бу сөзлери диңе җенабыңыза ве сизе айтмак үчин ёлладымы нәме? Диварың үстүнде отуран адамлара айтмак үчин хем ёлламадымы эйсем? Олар хем сизиң ялы өз тәретлерини ийип, өз пешевлерини ичерлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 36:12
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz nejasatlaryny iýip, öz peşewlerini içerler».


Onsoň Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar».


Onsoň baş wezir dik durup, bar sesi bilen gygyryp, ýahuda dilinde gepledi. Ol: «Beýik patyşa bolan Aşur patyşasynyň sözlerini diňläň.


Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýer.


Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“.


Arpa kökeler iýersiň; kökeleri halkyň gözüniň alnynda adam nejasatyny ýakyp, şonuň üstünde bişirersiň».


Soňra Ol sözüni dowam edip, maňa: «Eý, ynsan ogly! Men Iýerusalimde olary bir döwüm çörege zar ederin. Olar çöreklerini gorky içinde bellenen agramda iýerler we suwlaryny howp astynda ölçeg bilen içerler.


Siz açlygyňyzdan ýaňa ogullaryňyzyň, gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ