Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 35:9 - Mukaddes Kitap

9 Arslan bolmaz ol ýerde, ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz, olar onda tapylmaz, bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Арслан болмаз ол ерде, йыртыҗы хайван ол ёла чыкмаз, олар онда тапылмаз, бу ёлдан диңе халас эдиленлер йөрәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 35:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.


Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.


Sion adalatlylyk bilen halas ediler, toba edenler dogrulyk bilen.


Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.


Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.


Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.


Arryldylary arslanyňky deý, ýaş şirler kimin arlaýarlar; arlap, awuny tutýarlar, ony alyp gidýärler, halas etjek ýok.


Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, azat edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?


Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň!


Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.


Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.


Böri bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, ýurtdaky ýyrtyjy haýwanlaryň soňuna çykaryn. Olar çölde howpsuz ýaşarlar we tokaýlarda ýatarlar.


Ähli agaçlar öz miwesini berer, ýer öz hasylyny eçiler. Olar öz ýurtlarynda howpsuz ýaşarlar. Boýuntyryk baglaryny goparyp, gul edenleriň elinden azat edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.


Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ