Olaryň töweregindäki ýerli ilat bolsa altyn, kümüş gaplar, emläk, mal-garalar, gymmatbaha zatlar we ýene-de ybadathana üçin meýletin sadakalar hem berip, olara ýardam etdi.
Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Olar tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!
Sen olaryň näme gürrüň edýänlerini diňlärsiň, şondan soň düşelgä garşy söweşmäge seniň elleriň kuwwatlanar» diýdi. Gidegon öz hyzmatkäri Fura bilen düşelgedäki ýaragly goşunyň göni üstüne gitdiler.
Ýonatan oňa: «Sen kakamyň eline düşerin öýdüp gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. Muny kakamam bilýär» diýdi.