Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 35:10 - Mukaddes Kitap

10 Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Реббиң азат эденлери ыза доланарлар, айдым айдып, Сиона гайдып гелерлер; эбеди шатлыга говшар олар, бегенчден, шатлыкдан доларлар, гайгыдыр гам-гусса ёк болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 35:10
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.


Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir.


sagdagyny olardan dolduran bagtly! Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty utandyrylmaz.


Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar, oňa gülüp, şeýle diýerler:


Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?


Sion adalatlylyk bilen halas ediler, toba edenler dogrulyk bilen.


Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.


Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.


Ýaratjak zatlaryma şatlanyp, baky begeniň; Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin, halkyny-da begenç üçin ýaratjak.


Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin. Indi ne agy sesi ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde.


Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, Seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar.


Olardan şükür hem şatlyk sesleri geler. Men olary köpelderin, olar azalmaz, olara hormat goýduraryn, olar peselmez.


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.


Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr.


Rebbimiz Isa Mesih Öz rehimdarlygy arkaly sizi baky ýaşaýşa gowşurýança, Hudaýyň söýgüsi bilen ýaşamagy dowam etdiriň.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ